Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Gyrgyzystany žurnalist Askarowyň ölümi boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar


Azimjon Askarow. 2017 ý.
Azimjon Askarow. 2017 ý.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini 2020-nji ýylda türmede aradan çykan žurnalist, CPJ-niň baýragynyň eýesi Azimjon Askarowyň ölüminiň ýagdaýlaryna degişli giňişleýin we garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy.

Resmi beýanata görä, Askarow 2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda, COVID-19 bilen bagly ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, türmede aradan çykypdyr. Emma häkimiýetler, 69 ýaşyndaky žurnaliste uzak wagtlap saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan zerur lukmançylyk kömeginiň berilmändigi baradaky aýyplamalara henizem doly we aç-açan jogap berenok.

Azimjon Askarow “Fergana” we “Azatlygyň sesi” ýaly garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edipdi. Ol 2010-njy ýylyň iýunynda, Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etniki çaknyşyklaryň dowamynda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly maglumatlary çykarynyndan soň tussag edilipdi.

Şol ýylyň sentýabrynda Askarow ömürlik azatlykdan mahrum edildi. Bu kazyýet işi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan adalatsyz diýip ykrar edildi, hususan-da žurnalistiň polisiýa tarapyndan gynalandygyna üns çekildi. Amnesty International oňa garşy alnyp barlan jenaýat işiniň “galp we syýasy äheňli” bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG