Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron: Fransiýa sentýabrda Palestina döwletini ykrar eder


 Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (arhiw suraty)
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (arhiw suraty)

Fransiýa şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Palestina döwletini resmi taýdan ykrar eder diýip, ýurduň prezidenti Emmanuel Makron 24-nji iýulda mälim etdi.

Makron bu barada Palestina Awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasa ýazan hatynyň nusgasyny X sahypasynda paýlaşdy.

Hatda bellenilişine görä, Makron şeýle kararyň Ýakyn Gündogardaky konfliktiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ýardam berjekdigine ynanýar.

Şeýlelikde, Fransiýa Palestina halkynyň diňe döwlet gurmak hukugyny däl, eýse Palestina döwletiniň özüni-de de-ýure, ýagny kanuny ýagdaýda ykrar eden ilkinji iri günbatar döwleti bolar.

Şol günüň özünde, Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer hem Gaza zolagyndaky atyşyklary derhal bes etmäge çagyrdy. Ol şeýdip sebitdäki ynsanperwer krizisiniň jogapkärçiligini iş ýüzünde Ysraýylyň üstüne ýükledi.

Häzirki wagtda BMG-niň 193 agza döwletinden 150-ä golaýy Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar edýär. Ony häzire çenli, şol sanda ABŞ we Ysraýyl ykrar etmekden ýüz öwürýär. BMG-niň rezolýusiýalaryna görä, Palestina döwletiniň territoriýasy Iordan derýasynyň günbatar kenaryny, Gaza zolagyny we Gündogar Iýerusalimi öz içine almalydyr, ýöne Ysraýyl bu çäkler bilen ylalaşmaýar.

XS
SM
MD
LG