Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niderlandlarda bir täjigistanly “Yslam döwleti” toparyna adam ýygnamak işi boýunça türmä höküm edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Niderlandlaryň kazyýeti Täjigistanyň 31 ýaşly raýatyny, köp ýurtlar tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen, “Yslam döwleti” (YD) toparyna adamlary hakyna tutmakda günäli tapyp, ony bäş ýarym ýyl azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Nltimes habar berýär.

Prokuratura Abdusamat A. diýlip tanyşdyrylan aýyplanýana sekiz ýyl türme tussaglygyny talap edipdi. Derňew maglumatlaryna görä, ol YD-niň “Horasan welaýaty” şahamçasy bilen bagly bolup, şol topar üçin Niderlandlarda hem-de beýleki birnäçe ýurtda täze agzalary çekmäge synanyşypdyr.

Ol 2023-nji ýylyň iýulynda tussag edildi. Şol döwür Germaniýanyň Baş prokuraturasy ýurtda we Niderlandlarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dokuz raýatynyň, şol sanda bir türkmenistanlynyň, terrorçylykly hüjümleri taýýarlamakda güman edilip tussag edilendigini habar beripdi.

Metbugat maglumatlaryna görä, Abdusamat A. 2012-nji ýylda Russiýa gazanç üçin gidipdir, 2016-da “Yslam döwleti” toparyna goşulmak üçin Türkiýäniň üstünden Siriýa aşmaga synanyşypdyr. Emma ol türk howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilip, soňra Ukraina deportasiýa edildi. Ol 2019-njy ýylda Ukrainada gaýtadan tussag edilip, bäş aýdan soň goýberildi. 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, ol aýaly bilen bilelikde Polşa arkaly Germaniýa geçipdir, soňra Niderlanda göçüpdir we ol ýerde ýaşamak üçin ygtyýar alypdyr.

Sudyň dowamynda Abdusamat A. özüniň “Yslam döwleti” bilen gatnaşygyny inkär etdi.

XS
SM
MD
LG