Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski korrupsiýa garşy göreş edaralarynyň ygtyýarlyklary bilen bagly täze kanun taslamasyny Ýokary Rada hödürledi. Bu mundan iki gün öň kabul edilen we tankytçylaryň pikiriçe bu edaralaryň garaşsyzlygyny çäklendirýän kanuna garşy protestleriň dowam edýän döwründe edildi.
24-nji iýulda Zelenski özüniň Korrupsiýa garşy göreş boýunça milli býuronyň (NABU) hem-de Korrupsiýa garşy ýörite prokuraturanyň (SAP) işi baradaky kanun taslamasynyň üstünde işleýändigini mälim edipdi. Onuň sözlerine görä, täze taslama bu edaralaryň garaşsyzlygyny güýçlendirer we jemgyýetçilik reaksiýasyna “jogap” bolar.
Ukrain metbugatyna görä, bu taslamanyň çäginde baş prokuroryň NABU we SAP-nyň işgärlerine görkezme bermegi gadagan ediler.
Ukrainada üç gün bäri NABU bilen SAP-nyň ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmegine garşy protest çäreleri geçirilýär.